Türkmen diplomaty Awstriýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşygyna gatnaşdy

MilliInfo

4-nji sentýabrda Wena şäherinde Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçisi H.Amannazarow Awstriýanyň Ýewropa we Halkara işler boýunça federal ministri, hanym Beate Meinl-Reisinger bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy.

Bu duşuşyk Awstriýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda açyk we konstruktiw dialog üçin gymmatly meýdança öwrüldi. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleler sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge hem-de energetika, ekologiýa durnuklylygy we ykdysady ösüş ugurlarynda umumy meseleleri çözmäge gönükdirildi.

Ilçi H.Amanazarow Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatyna we halkara hyzmatdaşlyga laýyklykda, Awstriýa we tutuş Ýewropa jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ygrarlydygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda durnuklylygy, durnukly ösüşi we integrasiýanyň çuňlaşdyrylmagyny ilerletmek ugrunda umumy gyzyklanmalaryň bardygy tassyklanyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo