Türkmenistanyň ilçisi Efiopiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

MilliInfo

17 Oktýabr, 2025

Addis-Abeba şäherinde ýerleşýän Prezident köşgünde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) M.Işangulyýewiň Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske Selassiýe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde ilçi Efiopiýanyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Taýe Atske Selassiýe Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmen halkynyň Milli Liderine dostlukly salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

***

Şol gün ilçi M.Işangulyýew Efiopiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Berhane Tsgaýe bilen duşuşdy.

Duşuşygyň çäklerinde Döwlet ministri B.Tsgaýe Ilçini bu möhüm wezipä bellenilmegi gutlamak bilen, Efiopiýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Efiopiýa bolan saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi Afrika bileleşiginiň wekilleri bilen hem duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info