Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sokuň we beýleki Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Uglerod bitaraplygy we ýaşyl ösüşi gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlyk» maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Geçirilen çärede Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sok çykyş edip, täze koreý hökümetiniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagy artdyrmak üçin gysga wagtda ýöriteleşdirilen senagat toplumyny döretmek we uglerod bitaraplygyny hem-de ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýaşyl energiýa geçişini üpjün etmek babatda meýilnamasy bilen tanyş etdi.
Çäräniň çäklerinde ilçi B.Durdyýew bilen Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sokuň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirmek mümkinçiligi boldy.
Onuň dowamynda ilçi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň hökümet Baştutanyna Türkmenistanyň Döwlet ýolbaşçylarynyň mähirli salamlary ýetirip, ony bu wezipä bellenmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ilçi Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministrine iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirip, oňa täze bellenen wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Premýer-ministr iberilen gutlaglar we salamlar üçin minnetdarlygyny bildirip, Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleri, hususan-da Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça täze derejä çykarmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

