2—7-nji dekabr aralygynda binagärlik keşbi bilen dünýäni haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky döwrebap «Seýrana» myhmanhanasynda Türkmenistanyň küşt boýunça 2025-nji ýyldaky Gran-pri tapgyrlarynyň nobatdakysy geçiriler. Munuň özi Awazadaky ilkinji Gran-pri bäsleşigi bolup, bu ýaryşyň ähmiýetini has-da artdyrýan we ýurdumyzyň küşt jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän wakadyr.
Häzirki wagtda Gran-pri ýaryşynyň öňde boljak tapgyryna gatnaşyjylaryň 126-sy bellige alyndy, şolaryň arasynda öňdebaryjy ussatlar, ýaş küştçüler we mümkinçiligi uly hasaplanýan zehinleriň ençemesi bar.
Ýaryşa gatnaşyjylara ýokary guramaçylyk, amatly ýaryş meýdançasy we deňiz kenarynyň ruhlandyryjy atmosferasy garaşýar.
Ähmiýetli mümkinçiligi elden gidermezligi maslahat berýäris:
Gran-pori ýaryşynyň Awaza tapgyry gatnaşyjylar üçin
Ilkinji ýaryşyňy Awazada geçýän abraýly bäsleşikden başlamak mümkinçiligi
Reýting utuklaryny toplamak hem-de möwsümiň ýaryşyndaky ornuňy pugtalandyrmak mümkinçiligi
Güýçlüleriň arasynda özüňizi görkezmäge ajaýyp mümkinçilik
Ýokary derejedäki şerler we kämil gurmaçylyk
Çagalar we ata-eneler üçin
Awaza — çagalary küşte höweslendirmek üçin diýseň ajaýyp ýer
Ýaryşyň özboluşly öwüşgini
Deňiz, sport we ajaýyp ýerdäki kämillik
Küşt boýunça ýurdumyzyň Gran-pri ýaryşyna hemaýatkärler hem çagyrylýar
Guramaçylar hyzmatdaşlyga açyk bolup, hemaýatkärlige isleg bildirýän taraplary ýurdumyzyň ajaýyp dynç alyş merkezleriniň biri bolan Awazada ilkinji gezek geçiriljek Gran-pri tapgyryny goldamaga çagyrýarlar.
Çärä hemaýatkärlik etmek üçin ähmiýetli sebäpler:
✓ Taryhy ähmiýet — Gran-pri taryhda ilkinji gezek Awazada geçirilip, munuň özi sportuň şu görnüşiniň janköýerlerinde uly gyzyklanma döredýär.
✓ Giň gerim — türgenler, ata-eneler, tälimçiler, sport mekdepleri, metbugat serişdeleri.
✓ Abraý hem dereje — intellektual sporty goldamak we ýaş nesliň ösüşi üçin hyzmatdaşlyk.
✓ Media — sosial ulgamlarda, habar beriş serişdelerinde, foto we wideo materiallarynda özüňi görkezmek mümkinçiligi.
✓ Hyzmatdaşlaryň brendingi — bannerlerde, gözel ýerlerde, görkezme materiallarynda, wideo we onlaýn mazmunlarda logotipleriň ýerleşdirilmegi.
Hemaýatçylyk goldawy ýurdumyzda küşt hereketiniň we intellektual ösüşiň geljegine goşantdyr.
Guramaçylar ähmiýetli çäräniň hyzmatdaşlarynyň arasynda sizi hem görmekden hoşaldyr.
