Dünýäniň biznes, maýa goýum liderlerini we bilermenlerini bir ýere jemlejek möhüm çäre — Türkmenistanyň Maýa goýum forumy 2025 dünýä derejesindäki ähmiýetli waka öwrüler. Şol sebäpden hem, biz bu ähmiýetli forum hakyndaky käbir maglumatlary ýatlatmak isleýäris.
Geçirilýän ýeri:
Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Awaza» sport toplumynyň Konferensler merkezi (Türkmenbaşy şäheri. Munuň özi gatnaşyjylara işewürlik maksatnamalaryny howanyň jana şypaly möwsümindäki dynç alyş bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik döreder.
Forumyň esasy maglumatlary:
45 ýurtdan 500-den gowrak delegat hasaba alyndy.
Halkara spikerleriniň 100-swn gowrak çykyşy meýilleşdirildi.
Forum 20-den gowrak resmi hemaýatkärleriň we hyzmatdaşlaryň goldawy bilen geçirilýär.
Myhmanlara möhüm taslamalary özünde jemleýän 10 sergi diwarlygy garaşýar
«TIF 2025 Attendee Hub» — siziň sanly kömekçiňiz.
Türkmenistanda ilkinji gezek bu foruma gatnaşyjylar üçin ýolbelet boljak mobil goşundy döredildi. Onuň mümkinçilikleri:
ähli habarlary we täzelenmeleri galjak ýagdaýda kabul etmek,
makdatnama bilen tanyşmak we şahsy gün tertibiňizi düzmek,
delegatlar, maýa goýujylar hem-de bilermenler bilen howpsuz sanly giňişlikdäki aragatnayşy ýola goýmak.
Hemaýatkärlere hoşallyk.
Forumyň guramaçylyk komiteti ähli hemaýatkärlere we hyzmatdaşlara goldawlary hem-de goşantlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýär. Olaryň ýardamy esasynda, TIF 2025 halkara ähmiýetli meýdança öwrüler.
Guramaçylyk komitetiniň aragatnaşyk ulgamlary:
Bellige almak: medina.atdayeva@turkmencongress.com
Tehniki meseleler: azat.malikgulyyev@turkmencongress.com
Logistika: mashat.hajyyev@turkmencongress.com
Transferler: transfer@turkmencongress.com
Myhmanhanalar: hotel@turkmencongress.com
Bron hem syýahat: travel@turkmencongress.com
Biz siziň TIF 2025-e gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys we üstünlik hem-de iş netijeliligini arzuw edýäris.