Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025) ykjam programmada hem elýeterli bolar

MilliInfo

15 Sentýabr, 2025

Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF) 2025 ilkinji gezek hemmeler üçin sanly görnüşde elýeterli bolar. Ýörite işlenip düzülen «TIF 2025 Attendee Hub» telefon programmasy bu ugurda diýseň möhüm ähmiýete eýe bolar. Çünki bu programma foruma göni ýerinde gatnaşyp bilmedik ýagdaýyňyzda hem TIF 2025-iň wakalaryny yzarlamaga mümkinçilik berer.

Programmany ulanyp:

  • forumyň maksatnamasyny we möhüm wakalaryny gözden geçiriň;

  • iň täze habarlary we täzelenmeleri alyň;

  • halkara wekiliýetleriň çykyşlaryna, ýygnaklaryna we işine hakyky wagtda tomaşa ediň.

Mazmuna girmek üçin hiç hili hasaba alyş talap edilmeýär. «Cvent Events» programmasyny ýükläp alyň we TIF2025TM koduny giriziň. Şeýle hem, täzelikleri Instagram (@turkmen_congress) we LinkedIn (Türkmen Kongresi) sahypasyndaky resmi sahypalarda yzarlamak mümkinçiligine eýe boluň.

Programma TIF 2025 gurşawyna girmäge we täze hyzmatdaşlygyň şeýle hem dünýä ähmiýetli maýa goýum taslamalarynyň döremegine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info