18-19-njy sentýabrda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF) we onuň çäklerindäki sergi guralar.
Forum daşary ýurt maýadarlaryny, halkara maliýe guramalaryny we türkmen bazaryna girmek isleýän kompaniýalary bir ýere jemlejek platforma bolar. Bu forum Türkmenistanyň dürli maýa goýum mümkinçiliklerini hödürläp, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çalt çekmek baradaky tekliplere garamak we sebitleýin taslamalary goşmak bilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini öwrenmek işini utgaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Forum ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmaga, Watanymyzyň we daşary ýurtly telekeçileriň hem-de maýadarlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ol sanly ulgamyň ösüşine we sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän giňişlikdir.
Ähmiýetli forum milli ykdysadyýetiň senagat, oba hojalygy, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly dürli pudaklarynda döwrebap ösüşleri görkezjek interaktiw platforma bolar. Sergä gatnaşyjylar ýurdymyzyň öňdebaryjy kärhanalary, ösen tehnologiýalar we Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ulanylýan innowasion çözgütler bilen tanşyp bilerler.
Geçirilýän senesi: 2025-nji ýylyň 18-19-njy sentýabry; Sagat: 09:00 – 18:00.
Guramaçy: Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi.
Hyzmatdaş: «Net Fuar Organizasyon Ltd.Sti»
Foruma hasaba alynmak we goşmaça maglumat almak üçin: www.tif-turkmenistan.com
Telefon: +993 (71) 87-18-14
Email: contact@turkmencongress.com