Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Şri-Lankanyň ýygyndysynyň garşysyna çykýar

MilliInfo

7 Oktýabr, 2025

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Bu oýun 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň 3-nji duşuşygydyr.

Oýun Aşgabat wagty bilen 15:15-de başlanar. Ol Şri-Lankanyň paýtagty Kolombada geçirilýär.

Ýeri gelende bellesek, türkmen ýygyndysy saýlama tapgyryň birinji duşuşygynda myhmançylykda Hytaý Taýpeýini 2:1 hasabynda ýeňse, şondan soňky oýunda Tailandy 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Indi bolsa nobat Şri-Lankanyň ýygyndysynyňky.

Iki ýygyndynyň arasyndaky ahyrky duşuşyklar 2019-njy ýylyň sentýabr hem-de noýabr aýlarynda Dünýä çempionaty — 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde guralypdy. Duşuşyklaryň ikisinde hem türkmen ýygyndysy 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Biz Röwşen Meredowyň tälimçiliginde çykyş etjek Türkmenistanyň ýygyndy toparyna üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo