Türkmen ýygyndysy CAFA Milletler Kubogynda Özbegistanyň ýygyndy topary bilen duşuşar: Haýsy çeşmelerde göni efirde görüp bolar?

MilliInfo

2 Sentýabr, 2025

Şu gün Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAFA Milletler Kubogy 2025-iň «A» toparçasynyň ýer eýesi Özbegistanyň ýygyndysynyň garşysyna çykýar. Duşuşyk Özbegistanyň paýtagty Daşkentdäki «Olimpiýa» stadionynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:30-da başlanar.

Duşuşygy CAFA-nyň saýtynda — şu salgyda hem-de «Futbol HD» teleýaýlymynda göni efirde görüp bilersiňiz.

Ýeri gelende bellesek, CAFA Milletler Kubogy 2025-de milli ýygyndymyzyň çykyş edýän «A» toparçasynyň birinji duşuşyklarynyň netijesinde milli ýygyndylaryň ählisi 1 utuga eýe boldular.

30-njy awgustda ilkinji duşuşygyny Gyrgyzystanyň garşysyna geçiren milli ýygyndy toparymyzdan (1:1) Wepa Jumaýew tapawutlanypdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo