Dünýä çempionaty – 2026-nyň, Aziýanyň Kubogy – 2027-niň hem-de beýleki yklym ýaryşlarynyň saýlama tapgyrlarynyň noýabr aýyndaky duşuşyklarynyň netijeleri boýunça FIFA-nyň täzelenen reýtingi futbol muşdaklaryna ýetirildi. Şunlukda, Türkmenistanyň milli ýygyndy topary bäş basgançak öňe süýşdi we reýtingiň 137-nji basgançagyna geçdi. Ýeri gelende bellesek, ildeşlerimiz ozal bu sanawyň 142-nji basgançagynda barýardylar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndy topary bu reýtingde 1087.52 balla eýelik edýär.
Şu ýerde türkmen ýygyndysynyň Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama tamgyrynyň bäşinji duşuşygynda Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňendigini ýatlamak gerek. Bu ýeňşi Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny yklymyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyryna ýakynlaşdyrdy. Häzir ildeşlerimiz saýlama tapgyryň «D» toparçasynda birinji orny Tailandyň ýygyndysy bilen paýlaşýarlar. 2026-njy ýylyň 31-nji martynda bu iki toparyň arasynda geçiriljek duşuşyk haýsy ýygyndynyň Aziýanyň Kubogy 2027-ä çykjakdygyny äşgär eder.
FIFA-nyň reýtinginde öňdäki üçlügi Ispaniýanyň, Argentinanyň hem-de Fransiýanyň ýygyndy toparlary düzýär.

