17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanowyň hasabaty «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowanyň hasabaty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda geçiriljek «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly hepdelige görülýän taýýarlyk işleri barada boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de ony tassyklamak hakynda Kararyň taslamalary barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. «BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň uly ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar. BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny gelip gowşan hoş habar — «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

