17-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Amanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä gatnaşmak üçin isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalaryň 70-den gowragy, ýerli kärhanalaryň hem-de hususy telekeçileriň 30-a golaýy, şeýle-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary sergi diwarlyklary bilen gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Utgaşykly görnüşde geçiriljek maslahata gatnaşmaga jemi 1 müň 390-a golaý wekil isleg bildirdi. Maslahatyň çäklerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda global energiýanyň geljegini şekillendirmek — innowasiýa, energetika geçişi we strategik hyzmatdaşlyk», «Türkmen tebigy gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine itergi bermek» atly plenar mejlisleri, möhüm ähmiýetli meseleler boýunça mowzuklaýyn mejlisleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň ýangyç-energetika toplumynyň işini kämilleşdirmäge ýardam berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara forumy ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
