Türkmenistanyň Prezidenti Alžiriň Prezidentini ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni bilen gutlady

MilliInfo

1 Noýabr, 2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdelmajid Tebbuna tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Alžiriň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo