Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherinde bina edilýän metjit bilen tanyşdyryldy

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherinde bina edilýän metjit bilen tanyşdyryldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Fizuli şäherine baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.

«Türkmenistan» elektron gazetinde berlen habarda bellenilşi ýaly, hormatly Prezidentimiz bu ýerde Türkmenistanyň Azerbaýjana ynsanperwer sowgady bolan metjidiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, Fizuli şäherinde bina edilýän metjidiň gurluşygyna 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanyň Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitiniň çäginde Milli Liderimiziň gatnaşmagynda badalga berilipdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan metjidiň gurluşygy «Aga-Gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, türkmen we azerbaýjan halklary milli däp-dessurlara we medeni gymmatlyklara çuňňur wepalylygy bilen birleşendir, olaryň aýrylmaz bölegi bolsa yslam dinidir. Metjitler haýyrly amallaryň berjaý edilýän ýeri hökmünde adamlary ynsanperwerlik, dogruçyllyk, arassa göwünlilik ruhunda terbiýelemekde esasy orny eýeleýär. Köňül tämizliginiň we gadymdan gelýän asylly däp-dessurlaryň mynasyp dowamy boljak metjidiň gurluşyk meýdançasy 3 sany binany öz içine alyp, ol 500 adama niýetlenilen metjitden, 250 orunlyk sadaka jaýyndan hem-de tärethanadan ybaratdyr.

Gurluşygy güýçli depginde dowam edýän metjit türkmen-azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berk ruhy esaslaryň binýadynda ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde bina edilýän metjidiň gurluşyk işleri bilen tanyşlykda soňra bu ýerden Şuşa şäherine ugrady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info