Türkmenistanyň Prezidenti bilen Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda gepleşikler geçirildi

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

Ýeri gelende bellesek, türkmen hem-de italýan halklarynyň gatnaşyklarynyň gadymy kökleri bardyr. Beýik Ýüpek ýoly antiki döwürde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Parfiýa imperiýasyny Rim imperiýasy bilen baglanyşdyrypdyr. Marko Polo ýaly meşhur italýan syýahatçylary hem-de söwdagärleri öz eserlerinde türkmen topragy, medeniýeti, däp-dessurlary, meşhur ahalteke atlary we türkmen halylary barada maglumatlary galdyrypdyrlar. Şeýlelikde, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar baý taryhy binýada esaslanýar.

… Italiýanyň Fýumiçino «Leonardo Da Winçi» halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Rime saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz «Altare della Patria» ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül goýdy. Ýadygärlik binasynyň öňünde döwlet Baştutanymyzy Italiýa Respublikasynyň goranmak ministri Gwido Krozetto we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Bu ýerde iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Goranmak ministrliginiň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary mynasybetli harby nyzama düzülendigi barada hasabat berýär. Soňra döwlet Baştutanymyz «Altare della Patria» ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýdy.

Soňra dostlukly ýurduň goranmak ministri döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşýan Italiýanyň ýokary derejeli harby wekiliýeti bilen tanyşdyrdy. Dabara iki ýurduň Döwlet senalary bilen jemlendi.

Şeýle hem şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy. Duşuşygyň öňüsyrasynda Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň «Kwirinale» köşgünde döwlet Baştutanymyzy resmi garşylamak dabarasy boldy.

«Kwirinale» köşgüniň howlusynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella mähirli garşylady. Döwlet senalarynyň ýaňlanmagyndan soň Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň nyzama düzülendigi barada hasabat berýär.

Döwlet Baştutanlary Hormat garawulynyň hatarynyň başynda duran Italiýa Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpalaýarlar. Soňra döwlet Baştutanlary bilelikde köşgüň içine girýärler we iki ýurduň wekiliýet agzalary bilen tanyşýarlar.

Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşlykdan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde resmi surata düşdüler.

Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Italiýa resmi sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen şu duşuşygynyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Dostlukly ýurduň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara dialogyň ýokary derejesini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň halkara derejede hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, parahatçylyga, dialoga we durnukly ösüşe ygrarlylygy görkezýändigini belledi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny yzygiderli goldaýandygy üçin Italiýa minnetdarlyk bildirdi.

— Biz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyna ýokary baha berýäris. Biz hem, öz gezegimizde, Italiýa bilen hyzmatdaşlygymyzy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris — diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitiniň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini we bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, Prezident Serjio Mattarellany foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmakda eýeleýän möhüm ornuna Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Serjio Mattarella Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň toplumy boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo