Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

MilliInfo

5 Oktýabr, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem mejlisde Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny hem-de işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglandygy üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Baş prokuror B.Muhamedowyň hasabaty şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine geçirilen prokuror gözegçiliginiň netijeleri hem-de prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hakynda boldy.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik düzgün-tertibini we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler, şeýle hem sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» şygary bilen geçirilen biraýlygyň jemleri barada hasabat berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýewiň hasabatynda ýanwar — sentýabr aýlarynda gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada aýdyldy.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň dokuz aýynda döwletimiziň milli bähbitlerini goramak we ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanowyň hasabatynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler, harby gullukçylaryň gulluk şertlerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada beýan edildi.

Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barlan işler, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ministrligiň işine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň hasabaty onuň ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görlen çäreler we degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hakynda boldy.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak hem-de düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info