Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

MilliInfo

8 Sentýabr, 2025

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň sekiz aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny has-da pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek maksady bilen görlen çäreler barada maglumat berdi. Mundan başga-da, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işinde sanly tehnologiýalaryň we öňdebaryjy usullaryň işjeň ulanylyşy barada aýdyldy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow jemgyýetçilik tertibini saklamak, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, Içeri işler ministrliginiň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýewiň hasabatynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin görülýän çäreler barada beýan edildi.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň sekiz aýynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň bu düzümiň işini kämilleşdirmek babatda öňde goýan wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Watanymyzyň serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler baradaky hasabaty bilen çykyş etdi.

Adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň hasabatynda onuň ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gümrük serhedi arkaly harytlaryň geçirilişiniň tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň sekiz aýynda düzümi ösdürmek baradaky maksatnamada kesgitlenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler, bu ulgama öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada-da aýtdy.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo