1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, Milli goşunyň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi.
Baş prokuror B.Muhamedowyň hasabatynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişini üpjün etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler hem-de prokuror gözegçiliginiň we prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi beýan edildi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilen biraýlygyň jemleri barada aýdyldy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugurda sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýewiň hasabaty şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler, degişli düzümlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada boldy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň dokuz aýynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşy, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň çäklerinde teklipleri taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň hasabaty şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen çäreler barada boldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

