Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy

MilliInfo

Şu gün — 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna geldi. Daşkent şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Howa menziliniň Prezident terminalynda dostlukly ýurda döwlet sapary bilen gelen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy resmi garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Daşkende bu gezekki saparynyň maksatnamasy dürli mazmunly çärelere baýdygy bilen tapawutlanýar. Günüň birinji ýarymynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Ertir bolsa ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Şeýle-de saparyň çäklerinde Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasy guralar.

Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» atly mehanizmi döretmek başlangyjy 2017-nji ýylyň sentýabrynda öňe sürlüpdi. Şondan bäri sebitiň Liderleri 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda, 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda, 2022-nji ýylyň iýulynda Gyrgyzystanda, 2023-nji ýylyň sentýabrynda Täjigistanda, 2024-nji ýylyň awgustynda Gazagystanda guralan sammitlere gatnaşdylar. Ýokary derejeli duşuşyklarda Merkezi Aziýa sebitini özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda, gepleşiklerdir geňeşmeler arkaly ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, ugurlaryň giň toplumy boýunça öňde durýan anyk wezipeler kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana döwlet saparynyň sebit ýurtlarynyň Baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli duşuşygyna gabat gelmegi ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo