Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, sebitlerde galla oragyna girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkimler Diýarymyzda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welaýatda geçiriljek köpçülikleýin sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.
Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň pileçi kärendeçileriniň 2 müň 100 tonnadan gowrak pile ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi we bu waka mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
Soňra T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edip, Lebap welaýatynda ekiş möwsümine taýýarlyk görülýär.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklaryny we şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini kanagatlanma bilen belledi hem-de ýurdumyzyň ussat pileçilerini, mähriban halkymyzy bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.