Döwlet Baştutanymyz Ispaniýanyň Patyşasyny Patyşalygyň Milli baýramy gutlady

MilliInfo

12 Oktýabr, 2026

Döwlet Baştutanymyz Ispaniýanyň Patyşasyny Patyşalygyň Milli baýramy gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a we ýurduň ähli halkyna Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filipp VI-a tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Ispaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info