Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasynda ýola goýlan köptaraply gatnaşyklara ýokary baha berýändigini nygtap, hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä berk jan saglyk, abadançylyk, asylly işinde üstünlikleri, Kataryň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info