Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

MilliInfo

16 Sentýabr, 2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti hanym Klaudiýa Şeýnbauma Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Klaudiýa Şeýnbauma tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Meksikanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo