Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar

MilliInfo

Şu gün — 16-njy noýabrda Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitiň bäş ýurdunyň arasynda hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy we integrasion prosesleri pugtalandyrmak maksady bilen döredilen möhüm sebit forumydyr.

Konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlary hemişe toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuzlygyny we durnukly ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlyk formatynda eýeleýän netijeli ornuny tassyklaýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo