23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde döredilen iş toparlarynda döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, şeýle hem «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Kärende hakynda», «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň standartlaşdyryş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň hasabatynda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada beýan edildi.
Wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.
Şeýle hem ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri giňden belläp geçmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Däp bolşy ýaly, her ýyl bu sene mynasybetli dürli medeni çäreler guralýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabaty ýurdumyzyň dokma senagatynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada boldy.
Wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda şu ýylyň noýabrynda Aşgabat şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahata hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň hasabatynda ýurdumyzyň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada beýan edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini, türkmen alabaýynyň merdana halkymyzyň gadymdan gelýän milli buýsanjydygyny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy şanly sene mynasybetli gutladylar.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
