Türkmenistanyň Prezidenti möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

MilliInfo

2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

...Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy.

Bu ýerde Balkan welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimize sebitiň pagtaçy kärendeçileriniň döwlet öňündäki ýyllyk borçnamany berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyran waka boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna deň bolan karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimizi mübäreklediler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralary mynasybetli çykyş etdi. Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desgasyny işe girizmäge ak pata berdi. Bu desga barada ýörite taýýarlanan wideofilm görkezildi.

Dabara sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyşy bilen dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata berdi. Hormatly ýaşulular we mährem eneler täze awtomobil köprüsiniň işe girizilýändiginiň nyşany hökmünde toý bagyny kesdiler. Soňra dabara karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüniň tutulýan ýerinde dowam etdi. Bu ýerde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän täze toplum barada taýýarlanan wideofilm görkezildi.

Karbamid öndürjek toplumyň gurluşygy Türkiýäniň «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» we Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýalaryna ynanyldy.

Şondan soň döwlet Baştutanymyz karbamid öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi. Milli lybasly, eli pilli oglan hormatly Prezidentimizden karbamid öndürýän täze toplumyň düýbüni tutup bermegini haýyş etdi hem-de gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze toplumyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady hem-de pil bilen ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem toplumyň düýbüne beton garyndysyny atdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine ugrady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy hem-de ilkinji beton garyndysyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda gurluşyk meýdançasynyň binýadyna atdy we halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu başlangyja ak pata berdi.

***

Şol gün «Awaza» sport toplumynyň çäginde ýörite gurnalan göçme sadaka jaýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda geçirilen dabaralar mynasybetli toý sadakasy berildi.

Şeýlelikde, Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi, Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy.


Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo