Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de ýurduň ähli halkyna Müsür Arap Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdel Fattah Al-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Müsüriň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo