21-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada maglumat berdiler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki wagtda ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň binýady bolup durýandygyny, şoňa görä, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, serişdeleri netijeli peýdalanmak arkaly pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmeginiň, gowaçalaryň hatarara bejergi, ujuny çyrpmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýan berijilere garşy göreş işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, welaýatlaryň bugdaý oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, güýzlük bugdaý ekişinde ulanyljak ekijileri, beýleki tehnikalary möwsüme talabalaýyk taýýarlamagy, güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly meýdanlarynda ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gazanmak, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ekişine gözegçilik etmek, şu ýyl welaýatlarda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýat häkimlerine ýüzlenip, howanyň aşa gyzýan günlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişini, hususan-da, elektrik togundan, tebigy gazdan we suwdan peýdalanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.