Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy.
Has giňişleýin geografik çäklerde ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak «ŞHG+» formatynyň esasy maksady bolup durýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga ŞHG-ä agza ýurtlaryň, synçy ýurtlaryň, dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we «ŞHG+» formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi.
Bu ýerde foruma gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň köpýyllyk asylly däbe öwrülendigini, munuň hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli ornuny, häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly, deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandyny belledi.
Şu gün guramanyň sammitiniň «ŞHG+» formatyndaky mejlisiniň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpin täze halkara ähmiýetli teklip — Ählumumy dolandyryş başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu pikir Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklary deňhukuklylyk, adalatlylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda bilelikde dolandyrmak babatda konseptual garaýyşlaryna gabat gelýär. Biz bu başlangyjy goldaýarys hem-de hytaýly kärdeşlerimiz bilen ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işlemäge taýýardygymyzy beýan edýäris.
ŞHG-niň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklaryň, çylşyrymly meseleleri çözmegiň binýady hökmünde syýasy-diplomatik dialog üçin şertleri döretmek boýunça çemeleşmelerini goldaýarys. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna, biziň Bitaraplygymyza, halkara başlangyçlarymyza hemişe oňyn garaýandygyny nygtamak isleýärin. Häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan teklip edilen BMG-niň birnäçe beýleki çözgütleriniň awtordaşy bolup çykyş edendiklerini we goldandyklaryny nygtamak ýerlikli bolar. Men bu gün taryhy wakanyň — şu ýylyň 12-nji dekabrynda belleniljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn minnetdarlyk bilen aýdýaryn. Biz Aşgabatda geçiriljek dabaralarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ählisiniň ýokary derejeli wekiliýetlerini görmäge şat bolarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz ykdysady ulgamyň Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgitleýji ugry bolup durýandygyny aýdyp, ulag-logistika, kommunikasiýa, energetika, söwda ulgamlaryny senagat taýdan ýakynlaşmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz ulag ugruna aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda ŞHG ýurtlarynyň we Türkmenistanyň esasy merkezleri bolup biljek Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça logistika magistrallaryny ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarys. Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrman, munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary — Aziýa — Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň we ŞHG-niň gatnaşmagynda has ýakyn özara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň, Türkmenistanyň we ŞHG-niň obýektiw artykmaçlyklaryny, özara bähbitlerini, ählumumy geoykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyny nazara almak bilen, ulag strategiýalarynyň utgaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Hazarüsti we Hazarýaka ulag ugurlaryny aýratyn bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu köpugurly we kuwwatly terminalyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardygyny tassyklady.
Deňizüsti ýük daşamalar barada aýdylanda, biziň pikirimizçe, gämigurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýerlikli bolardy. ŞHG ýurtlarynyň köpüsiniň bu ugurda uly önümçilik kuwwatlyklary we baý tejribesi bar. Türkmenistan hem milli gämigurluşyk pudagyny işjeň ösdürýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk özara bähbitleri getirer diýip hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynda nygtady.
Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk, kommunikasiýalar ulgamynda Türkmenistanyň häzirki wagtda ŞHG-ä agza döwletleriň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň üsti bilen Pakistana optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça iri taslamany durmuşa geçirýändigini belläp, gurama täze giň möçberli taslamalaryň geografiýasyny giňeltmäge we kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagy teklip etdi.
Energetika ulgamynda has ýakyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýäris. Türkmenistan ŞHG döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardyr.
Şu günki ýokary döwlet derejesindäki duşuşyga Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim hökmünde garaýar. Türkmenistan umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ygrarlydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi hem-de şu iri sammite gatnaşmaga çakylyk üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Mejlisiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda ykdysadyýet, energetika, medeni-ynsanperwer, innowasiýalar hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, söwda, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, infrastruktura taslamalary, maliýe mehanizmlerini döretmek bilen baglanyşykly we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

