21-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegi, aýratyn-da, çagalaryň saglygy we olaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň güwäsidir.
...Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumynyň ýanyna geldi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara pediatriýa merkezinde alnyp barylýan işler, merkeziň bölümleriniň enjamlaşdyrylyş derejesi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda açylmagy meýilleşdirilýän Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerini synlap, bu ýerde görkezilen taslamalar, binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz merkeziň çagalar üçin niýetlenendigini nazara alyp, onuň binalarynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus şertleriň döredilmelidigini belledi we taslamalar babatda birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişleri girizdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň desgalarynyň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada maglumat berýän taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, merkeziň otaglarynyň sanlylaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidigini belledi. Merkez 5 gatdan ybarat bolup, ol 3 ýaşdan ýokary bolan çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir.
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara pediatriýa merkeziniň şekil taslamalary we çyzgylary bilen tanyşlykdan soňra, onuň maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş, ýatymlaýyn otaglary bilen içgin tanyşdy. Merkeziň maslahat beriş otagynda çagalaryň dünýäsini baýlaşdyrjak dürli bezegler bolup, olaryň körpelerde uly gyzyklanma döretjekdigi bellenildi
Hormatly Prezidentimiz bejeriş bölüminiň özboluşly aýratynlyklary bilen hem tanyşdy. Bu ýerde çagalaryň saglygyny dikeltmek, degişli bejeriş işlerini ýerine ýetirmek, operasiýalary geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Bölümde sanly rentgen, intensiw bejeriş otaglary bolup, olar häzirki zamanyň ösen tejribelerine laýyklykda enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde sanly ulgamyň kömegi bilen dürli şekiller görkezilýär. Bu bolsa çagalaryň saglygyny dikeldýän pursatlarynda olaryň ünsüni sowmaga, bejergi işlerini rahat hem-de amatly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bölümde ulanyljak enjamlar emeli aň tehnologiýasy arkaly maglumatlary takyk we tiz almaga, anyk çözgüdi dessin kabul etmäge şert döredýär.
Operasiýa bölüminde gurnalan monitorda ähli bölümler bilen onlaýn aragatnaşyk ýola goýulýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bu bölümde wideoaragatnaşyk arkaly beýleki degişli bölümlerden zerur maglumatlary almak mümkinçiliginiň döredilendigini belläp, onlaýn aragatnaşygyň zerur maglumatlary dessin we ýokary hilli almaga mümkinçilik berýändigini, munuň bolsa operasiýalary şowly geçirmekde ähmiýetlidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz merkeziň bölümlerinde ýerine ýetiriljek bejeriş işleriniň elektron maglumatlaryny saklamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Merkeziň operasiýadan soňky dikeldiş işlerini geçirmäge niýetlenen bölüminde-de ähli zerur şertler döredilipdir. Onda aýratynlykda gözegçilik etmek hem-de ýokanç keselleriň ýaýramazlygy üçin talabalaýyk şertler göz öňünde tutulan.
Soňra hormatly Prezidentimiz merkeziň ýatymlaýyn otaglary bilen tanyşdy. Bölümiň otaglarynda ýatymlaýyn bejergi alýan çagalar üçin ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edilipdir.
Hormatly Prezidentimiz Halkara pediatriýa merkeziniň bölümleriniň enjamlaryny uzak möhletleýin esasda ulanmak maksady bilen, olary rejeli peýdalanmak işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini ýene-de bir gezek belledi. Şol bir wagtyň özünde, lukmanlaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň soňky gazananlaryny işjeň özleşdirmekleri ugrunda ähli zerur işler ýerine ýetirilmelidir. Bu barada anyk tabşyryklary berip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz binanyň daşyna çykdy we gurluşyk işlerini ýokary hilli hem-de öz wagtynda tamamlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz merkeziň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmekde we kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
