18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Zähmet, Maşgala, Sanitariýa kodekslerine, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary bilen, Türkmen-moldowan parlamentara dostluk toparynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň hasabaty nebitgaz toplumynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada boldy.
Wise-premýer T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we Diýarymyzyň welaýatlarynda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabatynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri hakyndaky maglumatlar beýan edildi.
Wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda ýurdumyzyň muzeýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň intellektual eýeçilik babatda halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň hasabaty demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada boldy.
Mejlise gatnaşyjylar Koreýa döwlet saparynyň we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň üstünlikli geçmegi, Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin mejlise gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
