31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Merkezi Aziýa döwletleriniň IV parlamentara forumyna gatnaşmak üçin golaýda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda Türkmenistan bilen dostlukly ýurduň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer, ulag-üstaşyr ulgamlarda we beýleki ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi, olary giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň hasabaty metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we peýdaly ulanmak babatda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada boldy.
Wise-premýer T.Atahallyýewyň hasabatynda oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna we Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada beýan edildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabatynda şu ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde guraljak sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy.
Wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada beýan edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň noýabr aýynda Saglygy goraýyş boýunça XIII türkmen-german forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hasabaty dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň hasabaty ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada boldy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
