Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda», «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem «Kärende hakynda», «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Neşirýat işi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde «Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň hasabaty «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada boldy.

Wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda oba hojalyk pudagynda, welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.

Wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna hem-de onuň çäklerinde gatnaşjak «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň hasabaty «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada boldy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info