Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana döwlet sapary başlandy

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana döwlet sapary başlandy

Şu gün — 22-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Baku şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny yzygiderli esasda ösdürmekden ybaratdyr. Olaryň hatarynda Azerbaýjan Respublikasyny hem bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna şu gezekki sapary hem iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info