Türkmenistanyň Prezidenti Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

MilliInfo

27 Awgust, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

26-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu merkez diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä derejesinde öňdebaryjy innowasion sanly lukmançylyk we emeli aň tehnologiýalaryny özünde jemläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny has-da berkitmäge goşant goşar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurluşygy dowam edýän Stomatologiýa merkezine geldi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň maslahatlaryndan ugur alyp, Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi netijesinde merkeziň gurluşy, onuň gurluşygynda ulanylan dürli serişdeler, şol sanda bezeg işleri, bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zaman lukmançylyk enjamlary barada giňişleýin maglumat berdi.

Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyklar tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Täze Stomatologiýa merkezi islendik ýaşdaky raýatlara stomatologiýa hem-de ýüz-äň hirurgiýa lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary esasynda bu ýerde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdyldy.

Hasabatyň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan merkeziň bölümleri barada durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde kabul ediş otaglary, şol sanda gaýragoýulmasyz kabul ediş bölümi bolup, operasiýa, gije-gündiz işleýän stomatologiýa bejeriş otaglary bilen üpjün edilendir. Şeýle-de şöhle bilen anyklaýyş, endoskopiýa, kliniki barlaghana, funksional anyklaýyş, birnäçe operasiýa otagly operasiýa we sterilizasiýa, anesteziologiýa, reanimasiýa, fizioterapiýa bölümleri, dermanhana otaglary bar.

Döwlet Baştutanymyz täze desgada oturdylan döwrebap enjamlaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmat etmegini gazanmak üçin enjamlar ulanylanda, olardan ussatlyk bilen baş alyp çykýan hünärmenleriň bolmalydygyny tabşyrdy.

«Hünärmenler her bir enjamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmalydyrlar» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiz merkezi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek üçin Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen utgaşykly işlemelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz her bir enjamyň emeli aňyň mümkinçiliklerini halka hödürlemelidigini aýdyp, sanly ulgam arkaly keseli dessin anyklamak mümkinçiliginden peýdalanmagy tabşyrdy.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz merkeziň bölümlerine aýlanyp, anyklaýyş bölüminiň mümkinçilikleri, bu ýerde ornaşdyrylan lukmançylyk enjamlary bilen tanyşdy.

Şondan soň döwlet Baştutanymyz bejeriş bölümine bardy. Bu ýerde ähli işler multimedialaşdyrylan kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Döredilen şertler operasiýa wagty monitorlaryň üsti bilen beýleki degişli bölümler bilen onlaýn usulda habarlaşyp iş alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Stomatologiýa merkezinde ornaşdyrylan, özünde innowasion sanly ulgamlary we emeli aň tehnologiýalaryny jemleýän lukmançylyk enjamlary arkaly çagalarda, uly ýaşly näsaglarda agyrylary howpsuz aýyrmak, dişleri sogurmak, petiklemek, agyz boşlugynyň, kentlewügiň kesellerini irki döwürde anyklamak, öz wagtynda netijeli bejermek, emeli diş goýmak, implantlary ornaşdyrmak, diş hatarlaryny göneltmek, bedeniň äň-ýüz böleginde ýüze çykyp biljek dürli agyrylary irki döwürde takyk anyklamak we dikeldiş hirurgiki bejergileri amala aşyrmak, diş protezleriniň reňklerini näsagyň öz dişlerine mahsus bolan tebigy reňkine gabatlap, gysga wagtda taýýarlamak hem-de oturtmak boýunça lukmançylyk amallaryny gysga wagtyň dowamynda, ýokary hil derejesinde amala aşyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz implantologiýa bölümine-de baryp gördi. Bölümdäki bejeriş otaglarynda ornaşdyrylan häzirki zaman sanly tehnologiýalary, 3D skanerli ulgamlardaky emeli aňyň esasy aýratynlyklary uly göwrümli maglumatlara gysga wagtda seljerme geçirip, näsagyň äňinde goýuljak implantlaryň ýerleşişi, burçlary, biri-birine bolan aralygy ýokary derejede takyk ölçemäge mümkinçilik berip, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýar.

Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan diş tehnikleriniň barlaghanasy 45 tehnige niýetlenip, intellektual dolandyrylýan döwrebap kompýuter goldawly taslama we önümçilik (CAD/CAM) toplumlary, awtomatik 3D nusgalary çap ediş hem-de arassalama enjamlary bilen üpjün edilendir.

Döwlet Baştutanymyz merkez bilen tanyşlygyny tamamlap, bu desgany Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly açyp ulanmaga bermäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz desgany öz wagtynda hem-de ýokary hil derejesinde ulanmaga bermek üçin öňde durýan işlere örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly çemeleşmegi tabşyrdy we bu ýerden ugrady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info