Duşenbede geçiriljek möhüm syýasy çärelere — «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Bu barada «Türkmenistan» elektron gazeti habar berdi.
Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň bu saparynyň däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz duşuşykda ýokary döwlet derejesindäki özara saparlaryň ähmiýetine ünsi çekip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlary, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada durup geçdi. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy nygtaldy.
Täjigistan Respublikasy biziň ýurdumyzyň köpýyllyk, ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak babatda zerur çäreleri görmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Energetika, ulag, senagat, dokma, oba hojalyk pudaklary, senagat kooperasiýasy bolsa geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle-de Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparynyň, Türkmen-täjik işewürlik geňeşiniň işini ilerletmek, iki ýurtda söwda öýlerini açmak babatda tagallalary işjeňleşdirmek teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýdyp, Medeniýet günlerini, halkara maslahatlardyr sergileri guramak tejribesini dowam etdirmegiň, ylym-bilim ulgamynda özara hereketleri has-da ösdürmegiň zerurdygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon iki ýurduň hem däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

