Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglandy. Bu barada Türkmen Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmekde, onuň halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda ýokarlandyrmakda, halkara gatnaşyklarynda «Açyk gapylar» syýasatyny, «Dialog ‒ parahatçylygyň kepili» taglymatyny baş ýörelge edinen ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny, ata Watanymyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmekde, türkmen Bitaraplygynyň syýasy, diplomatik, hukuk, ykdysady, durmuş-medeni, ynsanperwer babatdaky mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny öňe sürmekde we durmuşa geçirmekde, Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, onuň kadalaryny, esasy maksatlaryny, öňüni alyş diplomatiýasyny, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanun arkaly berkitmekde goşan uly şahsy goşandyny, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem halk wekillerinden, zähmet toparlaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowşan köpsanly teklipleriň esasynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamaly» — diýlip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynda beýan edilýär.
