5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatlaryň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlar berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen täze ýylda ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işler alnyp barylýar. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak we talabalaýyk saklamak boýunça hem zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki strategik ornuna ünsi çekdi we wise-premýere pudagy mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirmegiň, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň, ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme talabalaýyk taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda 2024-2025-nji ýyllaryň pagta, 2025-2026-njy ýyllaryň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegi, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işleýşini hem-de ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini aýratyn gözegçilikde saklamagy, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
