«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Tokioda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga we Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Ýurtlarymyz halkara giňişlikde hereketlerini utgaşdyryp, birek-biregiň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýarlar. Iki döwletiň «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem ösüş häsiýetine eýedir.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunda Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda, şol sanda gaz pudagynda, himiýa senagatynda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini toplandyklaryny bellemek gerek. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Duşuşyklarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyny geçirmek başlangyjynyň ähmiýeti nygtalyp, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, iki ýurduň zenan ýolbaşçylarynyň özara hereketleriniň mehanizmini ýola goýmak bilen bagly teklipler beýan edildi.
