Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň imperatory Naruhito bilen duşuşyk geçirdi

MilliInfo

Tokioda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň başynda Imperator Naruhito bilen şu ýylyň dowamynda ikinji gezek duşuşýandygyny aýdyp, şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Imperatory Osakada geçirilen «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyna kanagatlanma bildirilip, ýokary tehnologiýalar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, maglumat çözgütleri, durnukly ösüş ýaly ugurlarda özara gatnaşyklaryň has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi. Hususan-da, ekologik howpsuzlyk, «ýaşyl» energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologik tehnologiýalar ýaly ulgamlarda Ýaponiýanyň toplan tejribesiniň türkmen tarapynda aýratyn gyzyklanma döredýändigi aýdyldy. Şeýle-de taraplaryň ylym-bilim, medeniýet, ylmy we akademiki alyşmalar babatda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info