1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu şanly wakalar milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň öňündäki meýdança geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýörite taýýarlanylan münbere barýar.
Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mähirli mübärekläp, Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir gününiň täze taryhy wakalara beslenýändigini, şu günem Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýändigini aýtdy we dabara gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
«Ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde institutlaryň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň giňden rowaçlanýandygyny görkezýär» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edilen 5 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýändigini aýtdy.
«Bu bilim ojagy 13 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 28 sany kafedrany, kitaphanany, mejlisler zalyny özünde jemleýär. Institutyň okuw binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, onda professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi, talyp ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle hem häzirki zaman bilim şäherçesinde talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin 2 sany, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady.
Bellenilişi ýaly, ulanmaga berilýän bilim ojaklarynyň ýene-de biri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumydyr. 5 müň orunlyk bu döwrebap bilim toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi. Bu bilim ojagy 5 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 22 sany kafedrany, mejlisler zalyny, kitaphana binasyny özünde jemleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýörite gurnalan monitorda sanly ulgam arkaly Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara hem görkezildi.
Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş toý bagyny kesdi. Şol pursatda dürli reňkdäki şarlar asmana uçuryldy. Soňra döwlet Baştutanymyz institutyň täze binalar toplumynda döredilen şertler bilen tanyşdy.
Institutyň eýwanynda ýörite gurnalan monitoryň üsti bilen täze binalar toplumy barada maglumat berildi.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz institutyň mejlisler zalyna bardy we bu ýerde sanly ulgam arkaly Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Hormatly il ýaşulusy E.Talipow Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi.
Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny kesdiler. Soňra Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda döredilen şertler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.
Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumyna halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy. lki bilen, «Cert International» halkara guramasynyň wekili Marat Habibuline söz berildi.
M.Habibulin döwrebap bilim ojagynyň täze binalar toplumynyň hil dolandyryş ulgamyna degişli ISO 9001:2015 halkara standartyna; daşky gurşawy dolandyrmak ulgamyna degişli ISO 14001:2015 halkara standartyna; zähmet howpsuzlygy we saglygy goramak dolandyryş ulgamyna degişli ISO 45001:2018 halkara standartyna; bilim guramalary üçin dolandyryş ulgamyna degişli ISO 21001:2018 halkara standartyna; maglumat howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamyna degişli ISO 27001:2022 halkara standartyna laýyk gelýändigini tassyklaýan halkara güwänamalary gowşurdy.
Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýana söz berildi. Ol hemmeleri bu şanly waka bilen gutlap, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanyň köpýyllyk ygtybarly hyzmatdaşydygyny aýtdy.
Hanym Narine Saakýan pursatdan peýdalanyp, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygy, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan etdi hem-de energiýa netijeliligi boýunça «ýaşyl» güwänamany; suw tygşytlaýjy tehnologiýalar boýunça «ýaşyl» güwänamany; talyp ýaşlary durnukly energetikany ösdürmäge çekmek boýunça «ýaşyl» güwänamany; suw serişdelerini tygşytlamak we dolandyrmak boýunça güwänamany; energiýa netijeliligi we monitoring boýunça güwänamany; şeýle hem bilim we hünär başarnyklaryny artdyrmak boýunça güwänamany gowşurdy.
Soňra «Pearson VUE» kompaniýasynyň «Certiport» bölüminiň dolandyryjy direktory Kenworti Taý Jozefe söz berildi.
«Şu gün biz Türkmenistanda bilim mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ädimiň şaýady bolýarys. Ýokary okuw mekdebine «Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň derejesi berilýär. Bu bolsa instituta «Certiport» halkara güwänamasyna laýyklykda synaglary geçirmäge we talyplardyr hünärmenlere öz hünär hem-de sanly başarnyklaryny halkara ykrar edilen standartlar boýunça tassyklamaga mümkinçilik döreder» diýip, myhman belledi hem-de institutda «Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň (Certiport Authorized Testing Center) döredilendigi baradaky güwänamany gowşurdy.
Halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz institutyň okuw binasynyň ýokary hilli, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen okuw otaglary bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimize Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan ajaýyp türkmen halylary sowgat berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz institutlaryň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylmagy ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp toý sowgady bolup, bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.
* * *
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy.
Şolaryň hatarynda innowasion pedagogikany durmuşa ornaşdyrýandygy üçin Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň güwänamasy; Türkmenistanda mugallymçylyk ugrundan hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga goşan uly goşandy üçin «Geljege goşant» atly howandarlyk gaznasynyň güwänamasy; Türkmenistanda durmuş ulgamynda bilimi ýokarlandyrmaga we inklýuziw bilimi ösdürmäge goşan aýratyn goşandy hem-de hyzmatdaşlygy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň güwänamasy; täze, döwrebap binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi üçin ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň Minnetdarlyk haty; ÝUNESKO-nyň Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalyk güwänamasy bar.
Güwänamalary gowşurmak dabarasyndan soňra, instituta hormatly Prezidentimiziň adyndan awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.
* * *
Şol gün Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli toý sadakalary berildi.
