Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy.
«C5+1» formaty Merkezi Aziýanyň 5 döwletini — Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Özbegistany hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny birleşdirýän diplomatik platformadyr. 2015-nji ýylda ýola goýlan bu başlangyç sebitiň ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän esasy meseleler boýunça dialogy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu mehanizmiň çäklerinde daşary işler ministrleriniň, döwlet Baştutanlarynyň derejesinde geçirilýän duşuşyklar umumy meseleleri bilelikde çözmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
...Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Ak tama geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy. Hormatly Prezidentimiz Ak tamyň Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi. Döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň gelejegi bilen bagly meseleler boýun pikir alyşdylar.
Şondan soň hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Sammitiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.
Prezident Donald Tramp sammite gatnaşyjylary mübärekläp, çakylygy kabul edip Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu ýokary derejedäki duşuşygyň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin Prezident Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi we bu formatyň döredilen wagtyndan bäri gazanylan oňyn netijelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşaw ýaly möhüm strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny belläp, sammitiň netijeleriniň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de Prezident Donald Trampa mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz agzalan formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýtdy.
Prezident Donald Tramp döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.
Sammitiň dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bilelikdäki işiň geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama, medeni miras babatda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewany doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz A.Ataýewa Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gül dessesini gowşuryp, Milli Liderimiziň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa gutlaglar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.
Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, bu platforma milli hem-de sebit bähbitlerini ilerletmek üçin möhüm mehanizm hökmünde garaýandygyny tassyklady. Ýurdumyz ulag özara baglanyşygy, energetika howpsuzlygy, ekologik durnuklylyk ýaly meselelere halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekip, ählumumy gün tertibine goşant goşýar we üstaşyr geçiriji, energetika merkezi hökmünde sebitdäki ornuny barha pugtalandyrýar.
***
Hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy.

