Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy

MilliInfo

4 Sentýabr, 2025

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.

Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy.

Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Häzirki dünýä we sebit ýagdaýlary bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy iki ýurduň, şeýle hem tutuş Ýewraziýa yklymynyň durnuklylygyna, ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlar bolmak bilen, parahatçylyk, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezýärler. Bu hyzmatdaşlyk özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanyp, diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, tutuş sebitiň gülläp ösmegine-de gönükdirilendir. Şeýle ygrarlylyk ýurtlarymyzyň daşary syýasatynda, bilelikdäki taslamalarda, halkara guramalaryň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapýar.

Iki ýurt hem halkara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin dialogy, diplomatik çözgütleri öňe sürýär. Hytaý hem, öz nobatynda, ählumumy wehimlere garşy inklýuziw çemeleşmäni yzygiderli ilerledýär. Döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi, akademiki alyşmalar we ylmy hyzmatdaşlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz Hytaýa şu gezekki saparynyň dowamynda giň gerimli çärä — «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň bu sapary Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasatynyň pugtalanýandygyny we onuň sebitiň döwletleri bilen dialogy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklaýan möhüm waka öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen geçiren ýokary derejeli gepleşikleri saparyň esasy wakasy boldy. Iki ýurduň Baştutanlary strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, energetika ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi. Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi saparyň esasy netijeleriniň biri boldy. Bu resminamalar dürli ugurlary öz içine alyp, strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk hukuk binýadyny döredýär.

...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-e iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Pekiniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar hem-de dostlukly ýurda saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň HHR-e amala aşyran sapary türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädim bolup, onuň strategik häsiýetini tassyklady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo