Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy

MilliInfo

9 Oktýabr, 2025

Şu gün — 9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna bardy. Bu barada «Türkmenistan» elektron gazeti habar berdi.

Saparyň maksady «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmakdan ybaratdyr.

Belent mertebeli türkmen myhmany Duşenbe şäheriniň dostlukly ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde täjik tarapynyň resmi adamlary we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary tarapyndan mähirli garşylanyldy.

Iş saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşar. Mälim bolşy ýaly, şeýle formatdaky ilkinji ýokary derejeli duşuşyk 2022-nji ýylyň oktýabrynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilipdi. Şu gezekki sammitiň dowamynda oňa gatnaşýan Liderler hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşarlar. Özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, häzirki geosyýasy şertlerde söwda-ykdysady we beýleki bähbitleri goramak, sebit howpsuzlygyny üpjün etmek duşuşygyň gün tertibiniň esasy meseleleri bolar.

Ertir — 10-njy oktýabrda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine gatnaşýar. Onda Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri jemlener, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyrylar, halkara hem sebit durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de birnäçe guramaçylyk meselelerine garalar.

 

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo