Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji noýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigini, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigini yglan etmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2026-njy ýylyň sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmäge, medeni mirasymyzy öwrenmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

