Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa arzanladylan wiza ýygymlarynyň möhleti uzaldyldy

MilliInfo

28 Dekabr, 2025

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurdumyzyň raýatlary üçin wiza ýygymlarynyň möçberiniň wagtlaýyn arzanladylmagynyň möhletiniň uzaldylandygyny yglan etdi. Şeýle ýeňillikler 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder.

Arzanladylan wiza tölegleriniň möçberi:

  • Bir gezeklik wiza — 41 ABŞ dollary;

  • Iki gezeklik wiza — 56 ABŞ dollary;

  • Alty aýlyk köp gezeklik wiza — 206 ABŞ dollary;

  • Bir ýyllyk köp gezeklik wiza — 386 ABŞ dollary.

Şeýle arzanladyşlaryň wiza amallaryny ýönekeýleşdirmäge hem-de iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendigine ünsi çekmek gerek.

Goşmaça sowallar boýunça +993 (12) 48-81-05 telefon belgisine jaň edip ýa-da ashgabat@csm.mfa.gov.cn elektron poçtasy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info