Türkmenistanyň saglygy goraýyș, bilim we sport boýunça üstünlikleriniñ halkara sergisine az wagt galdy

Mähri GAÝYPOWA, Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika kafedrasynyň mugallymy.

1 Oktýabr, 2025

Ýurdumyzda her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen hem-de saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän iri, abraýly forum ýene sanlyja günlerden badalga alar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti 2025-nji ýylyň 10 — 12-nji oktýabry aralygynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek halkara gözden geçiriliş şeýle-de halkara maslahat Watanymyzyň şu ugurlarda ýeten belent sepgileriniň beýanyna öwrüler. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlary kemala getirildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýär.

Forumyň guramaçylyk topary Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň gyzyklanma bildirýän hünärmenlerini hem-de bilermenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, şeýle-de ýurdumyzyň we daşary döwletleriň beýleki wekillerini ähmiýetli foruma gatnaşmak üçin çagyrýar.

Ỳeri gelende bellesek, halkara serginiň işi bellenen günlerde 10:00-dan 18:00-a çenli dowam eder.

Mähri GAÝYPOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ žurnalistika kafedrasynyñ mugallymy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo