Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky täze ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

MilliInfo

25 Oktýabr, 2025

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow özüniň ynanç hatlaryň nusgalaryny Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdul Majid bin Raşid Al Samarä gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-saud gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek boýunça meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Saud diplomaty täze bellenen türkmen ilçisini wezipesine girişmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi ugrunda bilelikde işleşmäge taýýardygyny nygtady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo