Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşiginiň Lebap welaýat şahamçasynda Umarowlaryň maşgala sergisi açyldy

MilliInfo

16 sagat öň

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasynda ýurdumyzda zehinli suratkeşler hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Umarowlaryň maşgala sergisi açyldy.

Ýanwar aýynyň ahyrky gününde başlanan sergide ykbalyny nakgaşçylyk sungatyna bagyşlan maşgalanyň wekilleriniň ajaýyp eserleri giňden şöhlelendirildi.

Bu ýerde ýurdumyzyň suratkeşlik sungatynyň görnükli wekilleriniň täsirli çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyşlarda halypa suratkeş Daragt Umarowyň hem-de onuň maşgalasynyň döredijilik ýoly hakynda ähmiýetli maglumatlar beýan edildi.

Ajaýyp surat eserleridir täsin heýkeltaraşlyk işleri serginiň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi.

Suratkeşiň döredijiliginde ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlarynyň şekilleriniň giňden şöhlelenmegi onuň eserleriniň köpugurlylygyny tassyklaýar.

Dürli žanrlarda çekilen işleriň reňk sazlaşygynyň ýokary derejesi bolsa suratlaryň professional eserlerdigini subut edýär.

Milliligimize aýratyn orun berilmegi ajaýyp surat eserlerini synlaýan myhmanlarda buýsanç duýgularyny döredýär.

Sergide maşgalanyň wekilleri tarapyndan döredilen täsirli heýkelleriň hem ýerleşdirilendigini bellemek gerek.

Ajaýyp sergi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow şaýolunyň 81-nji jaýynda geçirilýär.   

Sergi 2-nji marta çenli dowam eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info