Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini rejelemek, dikeltmek işleri geçirildi

MilliInfo

22 Noýabr, 2025

«Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy-barlag, rejeleýiş işleri üstünlikli dowam etdirildi. Hususan-da, Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Mäne Babanyň kümmetinde, Gadymy Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, orta asyr Dehistan şäherindäki Juma metjidinde, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Kerwensaraý» ýadygärliginde, Gadymy Amul galasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Horezm şahasynyň ugrunda ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Akjagala kerwensaraýynda degişli işler geçirildi.

Bu barada 21-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde degişli hasabat bilen çykyş eden wise-premýer B.Seýidowa belledi. Ol taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunda ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, «Asyrlaryň yzlary» atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň üçünji goýberilişi çapa taýýarlanyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik ylmy-barlaglaryň netijesinde dürli döwürlerde ýüze çykarylan tapyndylary Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabaralaryny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info